Mary welaýatynyň «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň «Şatlykşähergaz» gaz hojalyk kärhanasynyň hünärmenleri gazyň üznüksiz berilmegini üpjün edýärler, gaz enjamlaryna we gaz geçirijilerine ýokary hilli hyzmat edýärler.
Gazçylar ýaşaýyş jaýlarynda we edaralarda gaz enjamlarynyň tehniki idegine we abatlanylmagynyň hiline jogapkärçilik çekýärler. Häzirki wagtda Şatlyk şäheriniň çägindäki 1700 sany ýaşaýyş jaýlaryna, şeýle hem 68 sany edara-kärhanalara ýokary hilli hyzmat işleri alnyp barylýar. Şeýle hem gazçylaryň ygtyýarynda 2 sany gaz paýlaýjy we 30 sany gaz sazlaýjy enjamlar bar.
Mundan başga-da, ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler tarapyndan yzygiderli ýagdaýda tebigy gazdan howpsuz peýdalanmak boýunça ilat arasynda düşündiriş işleri geçirilýär.
Kärhananyň hünärmenleri şeýle hem Şatlyk şäherinde täze gurulýan ýaşaýyş jaýlaryna gaz torlaryny çekmek işine hem gatnaşýarlar.