Habarlaşmak
24.10.2025
Türkmenistanda Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi
24.10.2025
Türkmenistanda Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 23 oktýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa öz çykyşynda, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, adwokatura we adwokatlyk işi, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy, hukuk namalary, notariat we notarial işi, şeýle hem aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak, howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy bilen baglanyşykly häzirki wagtda hereket edýän Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýandygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda Pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze edara binasyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, tebigy gazy sarp edijilere ygtybarly ibermek hem-de gaz akdyryş ulgamlarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek, bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we olara halkara tejribäni ornaşdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär.

Wise-premýer Taňryguly Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli sergini, halkara ylmy maslahaty, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň V mejlisini, şeýle hem “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyryny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek bilen bagly taýýarlanan teklibi hödürledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň edara-kärhanalarynyň gatnaşmagynda eksport mümkinçiliklerine ýöriteleşdirilen sergini geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek aýda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni hem-de Hasyl toýy mynasybetli maslahatlaryň, döredijilik duşuşyklarynyň, sergileriň we baýramçylyk konsertiniň, şeýle hem täze desgalaryň açylyş dabaralarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül razdurdyýewa “Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna” laýyklykda, şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen maksatnamalarda we konsepsiýalarda bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek halkara bilim olimpiadalary we bäsleşikleri, şeýle hem halkara ylmy-amaly maslahatlar barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna boljak resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Häzirki wagtda bu sapara taýýarlyk görmek maksady bilen, degişli işler alnyp barylýar. Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy geçiriler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna hem-de Rimiň Kapitoliý muzeýinde geçiriljek “Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy” atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Saparyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew deňiz-derýa ulaglary pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Halkara Deňiz Guramasy we Halkara Gidrografik Guramasy bilen bilelikde sebitleýin okuw maslahatyny geçirmek baradaky teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine 80 ýyl bolýandygyny, ýurdumyzyň hem şu ýyl hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny giňden belläp geçýändigini aýtdy we bu wakalaryň örän uly syýasy ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Ministrler Kabinetiniň agzalaryny Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem