Habarlaşmak
23.10.2025
Türkmenistanyň Prezidenti «ENOC» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň ýurtdaky işine ýokary baha berdi
23.10.2025
Türkmenistanyň Prezidenti «ENOC» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň ýurtdaky işine ýokary baha berdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 22-nji oktýabrda «Emirates National Oil Company (ENOC)» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň başlygy Said Al Taýeri, şeýle hem «Dragon Oil» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdulkarim Al Maazmini kabul etdi.

Işewürler bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyklaryny beýan edip, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini, Türkmenistanyň kuwwatly energetika döwleti hökmünde halkara giňişlikde abraýynyň barha artýandygyny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz myhmanlaryň saparynyň dowamynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşjakdyklaryny, ýurdumyzda bu ulgamda alnyp barylýan işler, ýetilen sepgitler bilen tanyşjakdyklaryny aýtdy hem-de olaryň geçirjek duşuşyklarynyň nebitgaz pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini we işewürlik üçin amatly şertleriň döredilýändigini belläp, Türkmenistanyň «Emirates National Oil Company (ENOC)» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny aýtdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem