Habarlaşmak
25.10.2025
Türkmenistanda Eýranyň eksport mümkinçilikleriniň sergisi geçer
24.10.2025
Türkmenistanda Eýranyň eksport mümkinçilikleriniň sergisi geçer

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew 23-nji oktýabrda hökümetiň mejlisinde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde köpugurly sergilere möhüm orun degişlidir. Şundan ugur alnyp, häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň edara-kärhanalarynyň gatnaşmagynda eksport mümkinçiliklerine ýöriteleşdirilen sergini geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini, Eýran Yslam Respublikasynyň hem ýakyn goňşy döwletlerimiziň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisini geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem