Zähmet çekýänlere öz wagtynda lukmançylyk kömegini bermek, şeýle-de edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny gowulandyrmak üçin kärhanada saglyk öýi hereket edýär. Saglyk öýünde häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan rentgen arkaly anyklaýyş, ultrases barlag otaglary, EKG enjamy bolan terapewt otagy, şeýle hem hirurgiýa, ginekologiýa, oftalmolog we stomatologiýa otaglary bar.