Habarlaşmak
16.12.2024
provide

Üpjünçiligiň maksady - Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda Türkmenistanyň Döwlet meýilnamasyny we goşmaça tabşyryklary yerine yetirmegi üçin zerur bolan çig malyň, materiallaryň, gurallaryň ähli görnüşleri bilen şeýle hem ýörite geyim we hojalyk serişdeleri bilen öz wagtynda we üznüksiz üpjün etmek bolup durýar.

Zawodlar toplumynda çig nebiti we nebit önümleri öndürýän ägirt uly önümçilik kuwwatlyklary kadaly işletmek üçin dürli görnüşli himiki serişdeleri, yöriteleşdirilen ätiyaçlyk şaýlary, gözleg-ölçeýji abzallary, demir we polat önümleri, elektrik enjamlary we harytlary hem-de beýleki hojalyk harytlary Söwda edaralaryndan ýurduň içinden we daşary ýurtlardan üpjün edilýär.

Önümçilik meyilnamalary, tehnologiki we bejeriş işleriň çyzgydy boýunça önümçilige gerek bolan harytlary we önümleri üpjün etmek boýunça islegnamalary taýýarlanylýar. Zawodlar toplumyna nebiti ilkinji gezek işleýän kuwwatlyklar, ikilenç işleýän kuwwatlyklar üçin köp görnüşli himiki serişdeleri, ýokary we orta basyşda işleýän enjamlar, sorujylar, dürli görnüşli demir we polat önümleri, önümçiligi dolandyrmakda gözleg-ölçeg enjamlary we abzallary hem-de kömekçi serişdeleri sargytnamalar esasynda üpjün edilýär.

Şeýle-de, Türkmenbaşydaky nebiti gaytadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik zerurlyklary üçin daşary ýurtlaryň öndürijileriniň önümlerini, harytlaryny satyn alyp üpjün etmek boýunça Türkmenistandaky hereket edýän kanunçylyga laýyklykda potratçylary, üpjün edijileri saýlap seçip almak babatda halkara bäsleşikleri her ýylda yglan edilýär.

Şeýle hem