Habarlaşmak
25.02.2025
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
25.02.2025
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatimany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz hanym Rabab Fatimany mähirli mübärekläp, BMG-niň Baş sekretaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň saparynyň çäklerinde şu ýylyň awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmek maksady bilen gatnaşjak brifinginiň we duşuşyklaryň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Rabab Fatimany Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň 80 ýyllyk taryhynyň dowamynda öz binýadynda goýlan belent maksatlara hem-de wezipelere gyşarnyksyz eýerýändigini iş ýüzünde subut edendigini aýdyp, guramanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, ösüşi üpjün etmäge mundan beýläk-de saldamly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen alnyp barylýan köpugurly hyzmatdaşlyk hem munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, BMG bilen strategik hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi nygtaldy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň giňden baýram edilýän ýylynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän teklipleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Duşuşygyň dowamynda şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatyny ýokary derejede geçirmek üçin alnyp barylýan guramaçylyk we taýýarlyk işleri barada pikir alşyldy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistanda ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň ulag-logistika pudagyny ösdürmek üçin berk esas bolup durýandygyny, şoňa görä-de, sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini ilerletmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigini aýtdy. Şunda bu ugurda alnyp barylýan yzygiderli işleriň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag boýunça kabul eden Kararnamalarynyň ähmiýeti bellenildi. 2022-nji ýylda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň, halkara hem-de sebitara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahat geçirildi. Onuň dowamynda durnukly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

 

Şeýle hem