Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak hem-de şu ýyl gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, tekizleýiş, geriş çekmek işleri alnyp barylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak, talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, gowaça ekişine taýýarlyk görmek işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belläp, häkime bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri geçirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary, pagtaçy babadaýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak, olaryň ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Gowaça ekişine taýýarlyk işleri, hususan-da, meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ilaty ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, sebitde bu ekinleriň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bugdaýa ideg işleriniň, ýazky ekişe taýýarlyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny toplumlaýyn esasda ösdürmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk geçirmäge toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, welaýatda bu babatda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk işleriniň çäklerinde ekerançylyk meýdanlarynda tekizleýiş, geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki kadalaryň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almagyň esasy şertidigini belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýyl Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly ideg işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş, geriş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamak, olary ekiş möwsümine çenli talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, sebitlerde ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini geçirmek boýunça degişli işler dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barmagyň ekinlerden ýokary hasyl almak bilen birlikde, ýer, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga hem ýardam berýändigini belledi we wise-premýere bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekişine taýýarlyk işlerine ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş, çil, geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmek, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we ýerleri talabalaýyk taýýarlap, ekişiň depginini has-da güýçlendirmek, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek babatda degişli görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýylda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi