Habarlaşmak
25.02.2025
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 63-nji mejlisi geçirildi
24.02.2025
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 63-nji mejlisi geçirildi

23-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 63-nji mejlisi geçirildi.

Mejlise degişli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Hazar deňzi institutynyň direktory, şeýle hem ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna laýyklykda göz öňünde tutulan Hazar deňzi meseleleri boýunça duşuşyklaryň ähmiýeti we öz wagtyndalygy bellenildi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Pudagara toparynyň 2024-nji ýylda Hazar deňzi meselesi boýunça alyp baran işleriniň netijeleri barada maglumat diňlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe sürlen «Hazar ekologik başlangyjynyň» durmuşa geçirilmegi boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi.

Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hazar meseleleri boýunça deňagramly çözgütleri işläp düzmekde ençeme ýyllaryň dowamynda işjeňlik görkezýändigini we Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynda möhüm orny eýeleýändigini bellediler. Häzirki wagtda bu ugurdaky işler halkara hukugynyň çäginde hazarýaka ýurtlary bilen hyzmatdaşlykda dowam etdirilýär.

Mundan başga-da, mejlisde Türkmenistanyň Pudagara toparynyň Hazar deňzi meseleleri boýunça 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna garaldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

 

Şeýle hem