Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.
Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny ýetirdi we BAE-de doganlyk Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany mähirli mübärekläp, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de dostlukly döwletiň ýokary derejeli wekiliýetiniň ýurdumyza amala aşyrýan saparlaryna hemişe ýokary baha berilýändigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylda ýola goýuldy. Şondan bäri ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ugurlarda yzygiderli ösdürilýär. Ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlar we gepleşikler arkaly syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk has-da pugtalandyrylýar.
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem ilerledilýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda dürli ugurlarda özara söwda dolanyşygynyň möçberiniň artýandygy aýdyldy. Hususan-da, ýurtlarymyz energetika, nebitgaz, ulag, oba hojalyk pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz, energetika, gurluşyk pudaklarynda iri taslamalary durmuşa geçirýär.
Köptaraply hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy we Birleşen Arap Emirlikleriniň halkara giňişlikdäki strategik maksatlary iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjу esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. “Elbetde, munuň özi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çakylyk hatyny gowşurdy hem-de onuň bu foruma gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi