Habarlaşmak
21.12.2024
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda benzin öndürmekde ösüş depgini üpjün edildi
11.09.2021
seydinin-nebiti-gaytadan-isleyaen-zawodynda-benzin-oenduermekde-oesues-depgini-uepjuen-edildi

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda benzin öndürmekde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 158,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şeýle oňyn görkezijiler beýleki geçginli önümleri öndürmekde-de gazanyldy. Olaryň arasynda dizel ýangyjy, agyr wakuum gazoýly, ýol bitumy hem bar. Munuň özi iri kärhananyň agzybir işgärleriniň Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyna uly zähmet sowgatlary bilen barmak barada beren sözlerinde abraý bilen tapyljakdyklaryndan habar berýär.

Sözümiz gury bolmaz ýaly, üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynda gazanylan netijelere ýüzleneliň. Hasabat döwründe kärhanada dürli kysymly benziniň jemi 135,2 müň tonna golaýy, dizel ýangyjynyň 77,6 müň tonna golaýy, agyr wakuum gazoýlynyň 22,8 müň tonnadan gowragy, ýol bitumynyň 19,5 müň tonna golaýy öndürildi. Kärhananyň önümlerine içerki we daşarky bazarlarda ösen islegiň bardygyny, olaryň sarp edijilere bökdençsiz ugradylýandygyny hem bellemek ýerlikli bolar.

Hawa, ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň iri senagat kärhanasynda önümçilik desgalarynyň kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak arkaly ýokary görkezijilere eýe bolunýar. Kämil önümçilige başarjaňlyk bilen erk edilmegi oňat önümçilik görkezijilerini gazanmagyň kepili bolup durýar.

— Mälim bolşy ýaly, geçen ýyllarda kärhanamyzyň desgalarynyň durkuny täzelemek, täze önümçilikleri gurmak bilen bagly işleriň uly toplumy ýerine ýetirildi. Şonuň netijesinde has ýokary öndürijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikler we amatly şertler peýda boldy. Kuwwatly desgalarda işleriň sazlaşykly guralmagy ugrunda hünärmenlerimiz el-ele berip, tutanýerli zähmet çekýärler — diýip, kärhananyň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy Ahmet Annamyradow gürrüň berýär.

Söhbetdeşimiz desgalar näçe kämil we ösen tehnologiýalara daýanýan hem bolsa, önümçilikde adamyň esasy güýç bolup durýandygyny nygtap, işgärleriň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meselesiniň hemişe üns merkezinde saklanýandygyny hem-de olaryň üstünlikli çözülýändigini sözüniň üstüne goşýar. Kärhanada öz käriniň hakyky ussatlarynyň uly topary yhlasly zähmet çekýär. Dürli hünärli işgärleriň her biri öz iş ornunda başarjaňlyk bilen işläp, gazanylýan üstünlige saldamly goşant goşýar. Önümçiligiň öňdebaryjylarynyň arasynda 1-nji önümçilik bölüminden operatorlar Magtymguly Jumakulyýew, Polat Orunow, maşinistler Ahmet Ibragimow, Rustam Çölliýew, haryt-çig mal bölüminden işgärler Agamyrat Ereşow, Kasym Abdullaýew, merkezi laboratoriýadan laborantlar Gülnäz Allanazarowa, Gülnar Orunowa we beýlekiler bar.

Kärhananyň işgärleriniň islendigi bilen gürrüňdeş bolsaň, olar Gahryman Arkadagymyzyň adyna kalplarynyň töründen syzylyp çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

Munuň özi ýöne ýerden däl. Sebäbi hormatly Prezidentimiz zähmet adamlarynyň hakyky howandary hem-de hemaýatkäridir. Munuň şeýledigini subut edýän mysallar näçe diýseň bar. Geçen ýyllarda Seýdi şäherinde nebiti gaýtadan işleýjileriň maşgalalary üçin kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň köp sanlysy guruldy. Häzirki günlerde bolsa ýene bir dört gatly, ýigrimi dört öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Diýmek, kärhananyň bagtyýar işgärleriniň bir topary şanly ýylda jaý toýlaryny tutar. Döwlet Baştutanymyzyň özleriniň döredijilikli zähmet çekmekleri we bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin edýän ýadawsyz aladalaryndan ruhlanýan nebiti gaýtadan işleýjileriň ümzükleri öňe.
 

Şeýle hem