Habarlaşmak
06.02.2025
DURNUKLY ÖSÜŞ ÜPJÜN EDILÝÄR
29.01.2025
durnukly-oesues-uepjuen-edilyaer

Ýurdumyzda gazylyp alynýan nebitiň möçberini artdyrmak maksady bilen, nebit känlerini abatlamak, pudagyň önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak işleri dowam etdirilýär. Nebitiň çykarylyşynyň möçberiniň artdyrylmagy senagatda iň häzirki zaman enjamlarynyň we beýleki tehnologik gazanylanlaryň ulanylmagynyň hasabyna üpjün edilýär. Önümçiligiň möçberini artdyrmak, öndürilýän önümiň görnüşlerini giňeltmek, hilini gowulandyrmak we dünýä ölçeglerine laýyk getirmek boýunça oňyn netijeler gazanyldy. Nebiti gaýtadan işlemegiň möhüm wezipesiniň içerki bazary diňe bir ýokary hilli nebit önümleri bilen üpjün etmekden däl, eýsem, nebithimiýa senagatyny ösdürmek arkaly uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek üçin çig mal binýadyny döretmekden hem ybaratdygyny bellemelidir. Nebit diňe bir ýangyç serişdesi bolman, himiýa senagatynyň binýatlaýyn esasyny-da emele getirýär. Döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen ondan dürli görnüşli eşikler, aýakgaplar, plastik önümler, boýaglar öndürilýär. Mundan başga-da, metallurgiýada giňden ulanylýan elektrodlary hem nebit serişdelerini ulanmazdan öndürmek mümkin däldir.

Häzirki wagtda türkmen nebithimiýa pudagynyň öňdebaryjy kärhanasy bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ýerde nebiti gaýtadan işlemek esasynda alynýan benzini öndürmek üçin niýetlenen enjamlar ornaşdyrylandyr. TNGIZT-niň durkunyň täzelenilmegi, täze desgalaryň işe girizilmegi we maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzda öndürilýän senagat harytlarynyň dörtden biri bu toplumyň paýyna düşýär. Ýokary oktanly awtoulag benzinleri, uçar, yşyklandyryş we tehniki kerosin, suwuklandyrylan gaz, dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri, tehniki çalgy ýaglary, polipropilen, elektrodly taplanan koks, ýol we gurluşyk bitumy, galyňlygy 20, 25 we 30 mikrometr bolan gaplama örtügi, konditer önümçiliginde ulanylýan polipropilen örtügi toplumda öndürilýän esasy önümlerdir.

Mälim bolşy ýaly, ekologik talaplar milli ýangyç-energetika toplumynyň energetiki özgertmelerini kesgitleýän möhüm görkeziji bolup durýar. Ol innowasion ösüşiň we geljek nesilleriň daşky gurşawyň hiline bolan hukugyny goramagyň binýady hökmünde ekoulgama aýawly çemeleşilmegine hem-de «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýar. Yurdumyz dünýä bileleşiginiň ünsüni energetika howpsuzlygynyň meselelerine çekmek arkaly soňky ýyllarda maksada okgunly halkara çäreleri amala aşyrýar, daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtly hünärmenler, Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikdäki netijeli işewürlik gatnaşyklaryny saklamaklary tejribe alyşmak, göni gatnaşyklary ýola goýmak, täze taslamalary amala aşyrmak, pudagy ösdürmegiň dünýä meýilleri we mümkinçilikleri bilen tanyşmak arkaly bellenen maksatlara ýetmäge mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan netijeli işler ählumumy parahatçylygyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine energetika howpsuzlygyny, sebit we dünýä derejesinde ykdysady durnuklylygy üpjün edýär.

Çarymuhammet LOLLYÝEW,
Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň

kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti

 

Şeýle hem