Habarlaşmak
30.01.2025
Geologik işlere täzeden başlamak dogrusynda
23.01.2025
geologik-islere-taezeden-baslamak-dogrusynda

Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşynyň ýokary derejesini üpjün etmegiň zerurlygy eýýäm belli bolan nebitgazly sebitleriň çäklerinde-de, entek özleşdirilmedik geljegi uly täze çäklerde-de geologik-agtaryş işleriniň çaltlandyrylan depginini talap edýär. Şolaryň hataryna, ilkinji nobatda, Garabogazýaka sebiti degişlidir.

Garabogazýakanyň territoriýasy tektonik taýdan epigersin platformasynyň düzümine girýän Turan plitasynyň günorta-günbatar çetleri bolup durýar. Demirgazyk Garabogazýaka diýlip atlandyrylýan bu territoriýanyň demirgazyk-gündogar bölegi ýura we perm-trias çökündileriniň galyň gatlaklygynyň ösendigi bilen häsiýetlendirilýär, olar sebitleýin nebitgazly bolup durýar. Demirgazyk Garabogazýakanyň ähtimal nebitgazlylygynyň geljegi onuň geologik gurluşynyň ýanaşyk Günorta Gazagystanyň nebitgazly welaýatlary bilen umumylygyna esaslanandyr. Ol ýerde Oýmaşa meýdançasynda çykymy bir gije-gündizde 240 tonna çenli bolan nebit akymy alyndy. Günorta Maňgyşlagyň çäkleri trias çökündilerine çenli 9 önümli gorizontlary, ýura çökündilerine çenli bolsa 13 önümli gorizontlary saklaýarlar. Türkmen serhediniň golaýynda ýerleşen Aksuw-Kenderli we Temirbaba meýdançalarynda triasyň orta bölüminden nebitiň akymy alyndy. Bu territoriýalarda mel we hatda paleogen çökündileri hem senagat-nebitgazly bolup durýar.

Demirgazyk Garabogazýakanyň nebitgazlylygynyň ýokary alamatlary Türkmenistanyň territoriýasynda-da anyklanyldy. 2000-nji ýylda Täzedepe meýdançasynda gaz käni açyldy, şonda ýokary ýura (kelloweý) çökündilerinde 1 müň 973 2 müň 56 metr çuňluk aralygy synag edilende 221 müň m3/g.g. göwrümde gaz akymy alyndy. Kän agtaryşyň we gurulmasynyň dowam etdirilmändigi sebäpli duruzyldy. 2D-UÇNU seýsmiki işler arkaly gözleg we ölçeg burawlaýyş bilen agtaryşa Täzeguýy, Garaşsyz, Galkynyş, Çukurçy, Atanyýaz ýaly obýektler taýýarlanyldy. Olardan Garaşsyz we Galkynyş meýdançalarynda paleozoýa çenli kesimi açan we geologik sebäplere görä petiklenilen ölçeg guýulary gazyldy. Guýular, megerem, amatsyz gurluş şertlerinde yerleşendir, bu soňraky barlaglary talap edýär. Demirgazyk Garabogazýakanyň demirgazyk-gündogar böleginde geçen ýyllarda bölekleýin ýura çökündilerini açan we kesimiň ähtimal nebitgazlylygynyň göni alamatlaryny ýüze çykaran Gündogar Tamdy, Azatlyk, Çagyllyşor, Üçýyllyk meýdançalarynda guýular burawlandy. Bu ýerde bölünen Täzeýer, Dörtgul we Garygarasaý gurluşlarda olaryň geologik gurluşyny takyklamak we ýuranyň, perm-triasyň nebitgaz saklaýjy gorizontlary boýunça burawlaýyş arkaly agtaryşa taýýarlamak maksady bilen, häzirki zaman derejesinde UÇNU jikme-jikleşdiriş işlerini geçirmek zerurdyr.Gözleg we ölçeg burawlaýşa taýýarlanylan gurluşlaryň bar bolan gaznasy, nebitgazlylyk babatda geljegi uly bu sebitde we ilkinji nobatda, Täzedepe käniniň çaltlandyrylan agtaryşynda geologik-agtaryş işlerine täzeden başlamaga mümkinçilik berýär.

Gülşat GARRAÝEWA,

«Türkmennebit» DK-nyň

«Nebitgazylmytaslama» institutynyň inženeri.

Çeşme: Tükrmenmetbugat

Şeýle hem