10-njy dekabrda Nebit-gaz toplumynyň merkezi binasynyda Magtymguly Pragynyň doglan gününiň 300-ýyllygy mynasybetli Magtymguly Pragynyň döredijiligini öwrenmekde, aýap saklamakda we wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň Nebit-gaz toplumynyň işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen "Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy" atly ýubileý medaly we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyş dabarasy geçirildi.
Döwlet sylaglarynyň eýeleri dabarada çykyş edip, öz işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Olar garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhy döwrüniň beýik maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli güýç-gayratlaryny, başarnyklaryny we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
“Türkmennebit” Döwlet konserniniň Bejeriş-gurnama we elektrik oturtma müdirliginiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň müdiri Baýramsoltan Kurbanowa: «Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli ýokary döwlet sylagyna – Türkmenistanyň "Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna" ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlarynyň toplumy bilen sylaglananym üçin men örän bagtly. Bu sylag – meniň zähmetime bolan ykrarnamanyň subutnamasy. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli şahyry ady dakylan ýylda şeýle sylaga mynasyp bolmak has-da tolgundyryjy.
Işimden daşary döredijilik bilen meşgullanýaryn. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ömründen we döredijiliginden ylham alyp, goşgular ýazýaryn. Meniň eserlerimiň Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmeniň altyn asyry" bäsleşiginde ýeňiji bolmagy döredijilik ukybymyň ýokary baha mynasyp bolandygyny görkezdi. Türkmenistanyň Prezidentine, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza ýokary derejeli döwlet sylaglary üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýdýary» diýip, begenjini beýan etdi.
Dabaraly çäre “Türkmengaz” Döwlet konserniniň medeni-işewürlik merkeziniň sahna ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Amanlykow, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Ýegenmyrat Ýegenow, aýdymçy Meýlis Halbaýew Watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini wasp edýän aýdymlary bilen baýramçylyk dabarasyna ýatdan çykmajak öwüşgin çaýdylar.