Habarlaşmak
07.07.2025
Döwrebap zähmetiň netijesi
31.08.2021
doewrebap-zaehmetin-netijesi

Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyz Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň uglewodorod çig mallarynyň gorlaryna baý döwletleriniň hataryna girmek bilen, ýangyç-energetika ulgamynda ägirt uly taslamalary işläp taýýarlamakda hem-de olary üstünlikli durmuşa geçirmekde tutanýerli işleri bitirmegiň hötdesinden gelýär.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, dünýäniň çar künjüne uzaýan gaz geçirijiler, gurluşyklary depginli alnyp barylýan ägirt uly kärhanalar hem muňa doly şaýatlyk edýär. Bu dünýä nusgalyk işleriň her birinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümleriniň zähmet toparlarynyň hem öz mynasyp paýy bar.

Konserniň kärhanalary nebitli-gazly ýataklary senagat taýdan işläp taýýarlamakda, uglewodorod çig mallarynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmakda döwrebap işleri amala aşyrýar. Bu ugurda konserniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginde mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň belentden toýlanjak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bitirilýän işler has-da öwgä mynasypdyr.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha belende göterilmeginde hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynda gazanylýan üstünlikleriň öz mynasyp dowamyny tapmagy üçin döwrebap işleriň amala aşyrylmagyny hemişe üns merkezinde saklaýar we bu ulgama ählitaraplaýyn hemaýat berýär. Gahryman Arkadagymyzyň görkezmelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna, täzeçil tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary önümçilige içgin ornaşdyrmak esasynda pudaklaýyn düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň biridir. «Türkmennebit» döwlet konserniniň ajaýyp zähmet däplerine baý bolan «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri hem bu belent wezipeleri durmuşa ornaşdyrmakda tagallalaryny gaýgyranoklar.

Dünýäniň has ösen ýurtlarynyň iň bir kämil enjamlarydyr tilsimatlaryna eýe bolup, olara başarjaňlyk bilen erk edýän kärhananyň geofizikleri diňe bir şu ýylyň geçen hasabat döwründe bellenilen meýilnama goşmaça millionlarça manatlyk işleri özleşdirmegiň hötdesinden geldiler. Ýeri gelende aýtsak, berkarar Watanymyzyň çäklerindäki ýataklardan uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmagy «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleriniň netijeli zähmetinden üzňe göz öňüne getirmek kyndyr.

Uglewodorod çig mallaryna baý ýataklardaky öňden hereket edýän, şonuň ýaly-da burawlaýyş işleri alnyp barylýan guýularda ýeriň geofiziki gatlaklaryny içgin öwrenmek, takyklanylan önümli gatlaklarda, zerur bolan halatynda, partlaýyş işlerini amala aşyrmak ýaly gaýragoýulmasyz işleriň onlarçasy bu öňdebaryjy kärhananyň geofizikleri tarapyndan ýerine ýetirilýär. Has takyk kesgitlemeleri talap edýän bu möhüm işlerde Balkanabatdaky barlaghanalar, şeýle hem milli Liderimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren ýöriteleşdirilen kuwwatly awtoulaglarda oturdylan kämil barlaghanalar möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz aladasy netijesinde, soňky bäş-alty ýylyň dowamynda bu müdirlik ýurduň nebitgaz toplumynyň iň täze tehnologiýalaryny ulanyp, möhüm işleri geçirip bilýän häzirki zaman kärhanalarynyň hataryna goşuldy. Müdirligiň önümçilik geofiziki, ýokary tehnologiýa enjamlary özleşdirýän ekspedisiýalary, karotaž tehnikalary we guýygeofiziki enjamlaryny abatlaşdyryş ýaly gulluklary bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegini üpjün edýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen hasabat döwründe müdirlikde özleşdirilen işleriň umumy möçberi 44 million manatlykdan hem geçipdir. Munuň özi kärhana boýunça şu ýylyň ýedi aýy üçin bellenilen meýilnamadan artyk özleşdirilen işleriň 5,3 million manatlyga golaýlandygyndan habar berýär.

Önümçilik tabşyryklarynyň hemişe artygy bilen berjaý edilmeginde Hazar şäherindäki we Ekerem şäherçesindäki senagat-geofizika ekspedisiýalaryň, Balkanabatdaky kompýuter-tehnologik hem-de ýokary tehnologik enjamlary ornaşdyryş ekspedisiýasynyň goşantlary has uludyr. Kärhananyň degişli düzümleri häzirki döwürde ýurdumyzyň Günbatar sebitindäki ýataklarda özleşdirilýän guýularda geofiziki barlaglary we beýleki möhüm işleri üstünlikli alyp barýarlar. Geofizikleriň her biri öz halal zähmetleri bilen ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant goşýandyklaryna çäksiz buýsanýarlar we ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza ak ýürekden alkyş aýdýarlar.

Şeýle hem