Habarlaşmak
22.08.2025
Kämil tehnikalar gujurly gollarda
19.08.2025
kaemil-tehnikalar-gujurly-gollarda

Türkmen topragy öz goýnunda gymmatly tebigy baýlyklaryň uly goruny saklaýar. Şol baýlyklary agtaryp tapmak, onuň möçberlerini anyklamak, gazyp almak ýaly biri-birine utgaşykly işlerde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Lebap geofizika ekspedisiýasynyň agzybir we başarjaň işgärleri tutanýerlilik hem-de maksada okgunlylyk görkezýärler. Olaryň birleşen tagallalary ýerine-de düşýär. Hawa, ýurdumyz tebigy gazyň uly gorlaryna eýe bolmak bilen, bu baýlygy tutuş adamzadyň abadan ýaşaýşynyň, ýurtlaryň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşleriniň hyzmatynda goýýar. Şol bahasyz baýlygyň gorlarynyň üstüni doldurmakda bu ekspedisiýanyň hünärmenleriniň uly tejribesi bar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda nebitgazly täze meýdançalaryň üstüniň açylmagynda we uly baýlygyň köp möçberlerde gazylyp alynmagynda olaryň hyzmaty uly bolupdy, şeýle bolmagynda hem galýar. Möhüm işler häzirki günlerde hem gowşamaýan depginlerde dowam edýär. Bu işlerde olar hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp berýän kuwwatly we kämil tehnikalarynyň güýjüne giňden daýanýarlar.

Ilimizde «Ussa işlemez, gural işlär» diýen ýörgünli nakyl bar. Ol islendik işde gurala möhüm hyzmatyň degişlidiginden habar berýär. Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, gürrüňi edilýän ekspedisiýanyň maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Hut geçen ýylyň ahyrynda baýlyk agtaryjylar Fransiýa döwletiniň «Sercel» kompaniýasyn­da ön­dü­ri­len «No­mad — 65 Neo» kysymly emeli titrediji enjamlaryň bäşisini kabul edip aldylar. Şol enjamlar bilen birlikde, ekspedisiýa bu kompaniýanyň «508 XT» kysymly seýsmiki geologik stansiýasy hem gelip gowuşdy. Ýeri gelende indi köp ýyllardan bäri ýurdumyzyň bu belli kompaniýa bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini, onuň tehnikalarynyň güýjünden netijeli peýdalanylýandygyny bellemek ýerlikli bolar.

Täze tehnikalaryň güýji bilen Ýer ga­by­gy­nyň 3 müň metr­den 6 müň metre çenli çuňlugyna maýyşgak tolkun energiýasy goýberilýär we yzyna serpikdirilýär. Şol yzyna serpikdirilen tolkunlar seýsmiki kabul edijiler arkaly seýsmiki stansiýa berilýär. Stansiýada kabul edilen tolkunlar seýsmogramma arkaly toplanylyp, degişli maglumatlar hasaba alynýar. Şeýle işleri ekspedisiýanyň kärine ussat işgärleri talabalaýyk ýerine ýetirýärler. Bu bolsa olaryň ýokary hünär başarnygyndan habar berýär.

Baýlyk agtaryjylaryň işleriniň örüsi giň. Ekspedisiýanyň 61-nji geofiziki toparynyň agzalary häzirki günlerde Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň çäginde Kazyguýy meýdançasynda we oňa ýanaşyk ýerlerde umumy çuň nokat usulynda jikme-jik 2D seýsmiki barlag işlerini alyp barýarlar. Barlag işleri 1,1 müň kilometre golaý aralygy öz içine alar. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň çägindäki Hazarly meýdançasynda bolsa şeýle işler üstünlikli tamamlandy. Şonuň netijesinde çuň buraw işlerine geologik gurluşlar taýýar edildi. Bu işleriň netijesinde gazly gatlagyň üsti açyldy. Şeýle oňyn netijeleriň guwandyryjy sanawy ýene artar. Munuň üçin baýlyk agtaryjylar egin-egne berip, yhlasly zähmet çekýärler. Möhüm işlerde 61-nji geofiziki toparynyň operatory Atageldi Hudaýnazarow, traktorçy Babageldi Soltanow, kiçi topar başlygy Babahan Jumakulyýew dagy öňe saýlanýarlar. Olaryň gowy göreldesi giň goldawa eýe bolýar. Baýlyk agtaryjylar şu şanly ýyly hem uly zähmet üstünliklerine beslemek ugrunda joşgunly zähmet çekýärler. Ygtyýarynda kämil tehnikalar bolan gaýratly adamlar olary saz işletmegiň hasabyna täze ýeňişler bilen hormatly Prezidentimizi we tutuş halkymyzy begendirjekdiklerine berk ynanýarlar. Şeýle ynam bolsa ýeneki rowaçlyklaryň gönezligidir.

Mammetgylyç KÜTIÝEW

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti

Şeýle hem