Habarlaşmak
11.09.2025
Türkmenistanyň nebit-gaz uniwersitetinde Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk barada çykyş etdiler
11.09.2025
tuerkmenistanyn-nebit-gaz-uniwersitetinde-halk-maslahatynyn-mejlisine-tayyarlyk-barada-cykys-etdiler

«Dialog — parahatçylygyň kepili», «Ösüş arkaly parahatçylyk» atly taglymatlaryny öňe sürýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýlaryna barýan eziz Diýarymyzyň gözel paýtagtynda 19njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler.

Halkymyz hemişelik Bitarap Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk toýuny uly zähmet üstünliklerine besläp, buýsanç bilen garşy alýar. Sebäbi bu sene Garaşsyz ýurdumyz hemde agzybir halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli, buýsançly, biziň her birimizi täze, belent maksatlara galkyndyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyzlyk baýramymyzyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler, onda Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemleniler. Şeýlede Halk Maslahatynda döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alnyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Şonuň ýalyda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň orny babatda öňde durýan wezipeler kesgitlener. Hemişelik Bitaraplygymyzyň ajaýyp ýörelgelerine daýanýan Türkmenistan Watanymyz bugünki gün dünýäniň halklaryny jebisleşdirýän, ýakynlaşdyrýan, dostlaşdyrýan ýurda öwrüldi.

Şemşat GELDIÝEWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti

Şeýle hem