Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Döwletli tutumlar bilen rowaçlanýan baky Bitarap, Garaşsyz Türkmenistan» atly «tegelek stol» söhbetdeşligi geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň işgärleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymlary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan geçirilen «tegelek stolda» Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk, onuň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti, Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkynyň ykbalyna oňyn täsiri, hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara möçberinde uly goldawdan peýdalanyşy barada gürrüňdeşlik boldy.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti