Habarlaşmak
24.12.2024
«Türkmennebit» DK ugurdaş gazyň köpçülikleýin ýitgisini azaltmaga ýykgyn edýär
11.08.2022
«Türkmennebit» DK ugurdaş gazyň köpçülikleýin ýitgisini azaltmaga ýykgyn edýär

«Türkmennebit» döwlet konserni Türkmenistanyň Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynda nebit guýularyndan ugurdaş gazlaryny toplap, onuň köpçülikleýin ýitgisiniň öňüni almak ugrunda iş alyp barýar.

Bu barada daşky gurşawy goramak ulgamynda döwlet syýasatyny tehniki taýdan we institusional taýdan goldamak bilen meşgullanýan ministrlikleriň we edaralaryň hünärmenleriniň, BMG-niň bölümleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda BMG-niň edara binasynda geçirilen iş maslahatynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ugurdaş gazyň ýitgisiniň azaldylmagy ony toplamagyň we gaýtadan işlemegiň hasabyna amala aşyrylýar. Bu proses «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebit çykarýan meýdançalarynyň ýarysyndan gowragynda ornaşdyryldy.

Ugurdaş nebit gazy nebit çykarylyşynyň galyndy önümi bolup durýar. Häzirki wagtda  ony gymmatly çig mal hökmünde ulanmagyň köp sanly usullary bar.

Ugurdaş gazyň ýitgisiniň aradan aýrylmagy metanyň zyňyndylaryny azaltmagyň möhüm düzüm bölegidir. 2021-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistan Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde geçirilen BMG-niň COP26 klimat sammitinde «Metan boýunça global borçnama» başlangyjyny goldady we geljekde oňa gatnaşmak maksady bilen täze başlangyjy jikme-jik öwrenmäge gyzyklanma bildirdi.

Şeýle hem