Habarlaşmak
05.11.2025
Türkmenistanda CIET-2025 atly konferensiýasy we sergisi üstünlikli tamamlandy
05.11.2025
Türkmenistanda CIET-2025 atly konferensiýasy we sergisi üstünlikli tamamlandy

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek” (CIET-2025) atly Halkara Konferensiýasy we Sergisi öz işini tamamlady.

Dünýäniň we ýurduň öňdebaryjy bilermenlerini, iň uly kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny we maliýe guramalarynyň wekillerini bir ýere jemlän bu giň gerimli çäre, türkmen ykdysadyýetini ösdürmegiň strategiki ugurlaryny kesgitlemek üçin esasy meýdança boldy.

Forumyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlar, şol sanda Germaniýadan, Italiýadan, Hytaýdan we Russiýadan kompaniýalar bilen birnäçe möhüm iki taraplaýyn ylalaşyklara we hyzmatdaşlyk baradaky ähtnamalara gol çekildi. Konferensiýa gatnaşyjylar CIET-2025-iň halkara ykdysady gepleşikleri has-da berkitmek üçin güýçli itergi boljakdygyna ynam bildirdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň halkara habarlar portaly

Şeýle hem