Habarlaşmak
04.11.2025
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalik Holding” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdy
04.11.2025
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalik Holding” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2-nji noýabrda Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Işewür Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda asyrlara barabar işleriň durmuşa geçirilendigini belläp, bu üstünlikleriň türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydygyny nygtady. Şeýle-de ol ata Watany Türkmenistanda giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmäge goşant goşmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz energetika ulgamyndaky taslamalara ünsi çekip, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda gurluşygy dowam edýän, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýä we şol ýerden beýleki ýurtlara eksport etmek mümkinçiligini döretjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynda gurluşygyna badalga berlen, kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge ukyply toplumyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini aýdyp, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň mundan beýläk-de täze, döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda döwlet ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirjekdigine ynam bildirdi.

Ahmet Çalyk bildirilýän ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz şertnamalaýyn borçnamalaryna mundan beýläk-de örän jogapkärçilikli çemeleşjekdigini nygtady.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem