Habarlaşmak
07.10.2025
Türkmenistanyň ýangyç we energetika pudagy 2025-nji ýylyň ilkinji 9 aýynda güýçli netijeleri görkezdi
04.10.2025
Türkmenistanyň ýangyç we energetika pudagy 2025-nji ýylyň ilkinji 9 aýynda güýçli netijeleri görkezdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow 3-nji oktýabrda hökümetiň mejlisinde ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek babatda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 109,7 göterim boldy. Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 109,4 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 108,8 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 103,1 göterim berjaý edildi.

Şunuň bilen bir hatarda, polipropilen, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny netijeli ulanmagyň wajypdygyny belledi. Häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna uglewodorod serişdeleriniň täze gorlaryny açmagy dowam etdirmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemegi yzygiderli kämilleşdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem