Germaniýanyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde şu ýylyň 30-31-nji oktýabry aralygynda «Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri» atly halkara forum geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan Germaniýanyň Gündogar Ykdysadyýet Komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Germaniýadaky Konsullygynyň goldawy bilen guralýar.
Forum Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine integrasiýasynyň çuňlaşdyrylmagyna, öňdebaryjy tehnologiýalaryň çekilmegine hem-de Ýewropa Bileleşigi ýurtlary we halkara maýa goýujylar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen strategiki meýdança hökmünde çykyş eder.
Iki günlük forumyň dowamynda döwlet edaralarynyň wekilleri, işewür toparlar we halkara bilermenler gatnaşyp, türkmen ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşmalar geçiriler.
Çäräniň esasy ugurlary hökmünde uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça taslamalar, Türkmenistanyň Ýewraziýa giňişligindäki logistika mümkinçilikleri, maliýe bazarynyň durnuklylygy we maýa goýum üçin özüne çekijiligi, öndürijiligi ýerli derejede ösdürmek, innowasiýalary ornaşdyrmak we ekologiki taýdan arassa çig mallaryň we ýokary hilli taýýar önümleriň mümkinçilikleri görkeziler.
“Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri” diňe bir tejribe alyşmak meýdançasy bolman, eýsem maýa goýum şertnamalaryny baglaşmak we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk gurmak üçin mümkinçilik hökmünde çykyş eder. Forum halkara maýa goýujylara we bilermenlere türkmen bazarynyň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga hem-de anyk taslamalar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga şert döreder.