Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 3-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli parlamentiň döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 16-sy, hem-de Mejlisiň kararlarynyň 14-si kabul edildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow şu ýylyň dokuz aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy. Şeýle hem dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň we durkuny täzelemek işleriniň barşy barada hasabat berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek babatda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 109,7 göterim boldy.
Wise-premýer Taňryguly Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda 2025-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 112,9 göterime deň boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 105 göterim boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Daşary işler ministrliginiň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary özara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 433-si geçirildi. Ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 2 müň 63-si guraldy. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 134 resminama bilen ýetirildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2025-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 101,3 göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 104,9 göterim berjaý edildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi.