Habarlaşmak
18.10.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi
18.10.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 17-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, Jenaýat, Arbitraž iş ýörediş, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat-ýerine ýetiriş, Maşgala, Ilaty durmuş taýdan goramak kodekslerine we başga-da birnäçe kanunlara degişli üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek boýunça işler geçirilýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Forum 1-nji noýabrda guralar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” atly XXX halkara maslahaty we sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sergä gatnaşmak üçin isleg bildiren daşary ýurt kompaniýalaryň 70-den gowragy, ýerli kärhanalaryň hem-de hususy telekeçileriň 30-a golaýy, şeýle-de ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary sergi diwarlyklary bilen gatnaşmak üçin hasaba alyndy. Utgaşykly görnüşde geçiriljek maslahata gatnaşmaga jemi 1 müň 390-a golaý wekil isleg bildirdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Germaniýanyň Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, forumda ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa senagaty pudaklarynda maýa goýum taslamalary, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ösüşi, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda geçiriljek “Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady” atly hepdelige görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň dekabrynda geçiriljek hepdeligiň çäklerinde teatrlarda daşary ýurtly nusgawy awtorlaryň eserleri esasynda täze sahna oýunlarynyň birnäçesiniň ilkinji görkezilişini halkymyza hödürlemek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer Baýramgül Orazdurdyýewa “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” hem-de ony tassyklamak hakynda Kararyň taslamalary barada hasabat berdi. Strategiýada, hususan-da, ýokary hünär bilimi ulgamynyň dolandyrylyşyny halkara kadalara we milli tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek, demografik görkezijilere, zähmet bazarynyň ösüşine, ykdysadyýetiň meýilnamalaşdyrylyşyna görä meýilleşdirmegiň we dolandyrmagyň kämil gurallaryny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer bu halkara forumyň syýasy taýdan wajyplygy we onuň netijeleriniň tutuş dünýä üçin uly ähmiýeti göz öňünde tutulyp, 14-nji oktýabrda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habary aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew milli deňiz we derýa ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen teklibi hödürledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryny gelip gowşan hoş habar — «Awaza syýasy jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektroniki gazet

Şeýle hem