Habarlaşmak
18.10.2025
“PETRONAS” kompaniýasy — OGT 2025 Halkara Maslahatynyň “Brilliant” hemaýatçysy
18.10.2025
“PETRONAS” kompaniýasy — OGT 2025 Halkara Maslahatynyň “Brilliant” hemaýatçysy

Türkmenistanyň nebiti we gazy boýunça geçirilýän iri halkara forumlaryň biri bolan 30 ýyllyk “OGT 2025” maslahatynyň hem-de sergisiniň guramaçylyk komiteti, bu çäräniň “Brilliant” hemaýatçysy hökmünde Malaýziýanyň öňdebaryjy energetika kompaniýasy “PETRONAS”-y buýsanç bilen yglan etdi. Bu möhüm hyzmatdaşlyk “PETRONAS”-yň Türkmenistany möhüm energetika merkezi hökmünde görýändigini tassyklaýar hem-de kompaniýanyň global energetika howpsuzlygyna, durnukly ösüşe we innowasiýalara bolan ygrarlylygyny görkezýär.

1974-nji ýylda döredilen “PETRONAS” kompaniýasy, Malaýziýanyň nebitgaz serişdelerini dolandyrmaga ygtyýarlykly bolup, häzirki wagtda dünýäniň ýüzden gowrak ýurdunda iş alyp barýan iri halkara korporasiýa öwrüldi. Kompaniýanyň iş ugurlaryna uglewodorodlary gözlemek we çykarmak, nebiti gaýtadan işlemek, nebit himiýasy, marketing, söwda, şeýle hem innowasion energetika çözgütleriniň işlenip düzülmegi we durmuşa ornaşdyrylmagy girýär.

2050-nji ýyla çenli “nol zyňyndy” (NZCE 2050) maksatlaryna ýetmegi meýilleşdirýän “PETRONAS”, häzirki wagtda uglewodorodlary tutmak we saklamak (CCS), wodorod energetikasy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ýaly ugurlar boýunça birnäçe möhüm taslamalary durmuşa geçirýär.

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň taryhyna ser salanymyzda, “PETRONAS” 1996-njy ýylda bu ýurtda maýa goýmaga başlapdy. Şondan bäri kompaniýa Türkmenistanyň deňiz ýataklarynda üstünlikli iş alyp baryp, bu ugurda ilkinji operator boldy. Şeýlelikde, bu hyzmatdaşlyk diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem syýasy taýdan hem iki ýurduň arasyndaky ynamyň berkdigini görkezýär. 2025-nji ýylyň maý aýynda bolsa kompaniýa “I blok” boýunça 25 ýyllyk täze Önümleri Paýlaşmak Ylalaşygyna (ÖPY) gol çekip, Türkmenistandaky işini 2050-nji ýyla çenli dowam etdirmäge taýýardygyny görkezdi.

“OGT 2025” forumynyň “Brilliant” hemaýatçysy hökmünde çykyş etmek bilen “PETRONAS” diňe bir çärä maliýe we guramaçylyk taýdan goldaw bermek bilen çäklenmän, eýsem pes uglewodorodly, ekologiýa taýdan durnukly energetika geçişini ösdürmäge dünýä derejesinde strategiki çemeleşmelerini we liderligini hödürleýär.

Forumyň esasy mowzugy bolan “Energiýa. Innowasiýalar. Ösüş” kompaniýanyň tehnologik ösüşe, energetika serişdeleriniň netijeli we rejeli dolandyrylmagyna, şeýle hem durnukly ösüşe gönükdirilen tagallalary bilen doly utgaşýar.

OGT 2025 bilen hyzmatdaşlykda “PETRONAS” ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge, Türkmenistanda ygtybarly we durnukly energetika ulgamynyň ösdürilmegine hem-de dünýä energetika jemgyýeti bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine goşant goşýar. Bu hyzmatdaşlyk innowasiýalaryň, durnukly ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär.

Şeýle hem bellenilip geçilmeli zatlaryň biri, şu wagta çenli 70-den gowrak ýurtdan 1400-den gowrak wekiliň maslahata gatnaşmak üçin bellige alnandygy, 100-den gowrak kompaniýanyň bolsa OGT EXPO sergisinde öz innowasion tehnologiýalaryny görkezmäge taýýarlyk görýändigi bolup durýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem