Habarlaşmak
18.10.2025
Türkmenistanda 2052-nji ýyla çenli ýokary hünär bilimini ösdürmegiň Strategiýasy tassyklandy
18.10.2025
Türkmenistanda 2052-nji ýyla çenli ýokary hünär bilimini ösdürmegiň Strategiýasy tassyklandy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa 17-nji oktýabrda hökümetiň mejlisinde “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” hem-de ony tassyklamak hakynda Kararyň taslamalary barada hasabat berdi.

Strategiýada, hususan-da, ýokary hünär bilimi ulgamynyň dolandyrylyşyny halkara kadalara we milli tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek, demografik görkezijilere, zähmet bazarynyň ösüşine, ykdysadyýetiň meýilnamalaşdyrylyşyna görä meýilleşdirmegiň we dolandyrmagyň kämil gurallaryny ornaşdyrmak, okatmagyň öňdebaryjy usullary, sanly tehnologiýalar, emeli aň arkaly bäsdeşlige ukyply ýokary hünär biliminiň milli gurşawyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem döwlet we halkara akkreditasiýa amallarynyň hasabyna bilim işini düýpli kämilleşdirmek, professor-mugallymlaryň, işgärleriň we ýolbaşçylaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ylmyň, bilimiň, önümçiligiň, täjirçiligiň özara baglanyşygynyň kämil gurallaryny döretmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň alyp barýan işlerini kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «hödürlenen Karara gol çekdi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektroniki gazet

Şeýle hem