Habarlaşmak
10.07.2025
Türkmenistanyň Döwlet haryt - çig mal birža söwdalarynda “Türkmennebit” Döwlet konserniniň önümleri satyn alyndy
22.08.2024
Türkmenistanyň Döwlet haryt - çig mal birža söwdalarynda “Türkmennebit” Döwlet konserniniň önümleri satyn alyndy

20-nji awgustda birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “L-0,5-62” kysymly dizel ýangyjyny, Türkiýe döwletiniň işewürleri ýerli hususy kärhanasyndan nah ýüplükleri satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” Döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbik nebit ýol bitumyny hem-de Türkmen el halysyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. 

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 5 014 466,82 manada we 1 022 591,53 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem