Tomsuna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga isleg bildirýänler syýahatçylyk ýa-da beýleki degişli ýerli düzümlerden şu wagta çenli 2257 sany ýollamanama resmileşdirildi. Şol ýollamanamalary alan raýatlara Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan degişli rugsatnamalar berildi. Olara welaýatlardaky we paýtagtymyzdaky saglyk öýlerinde COVID-19-a garşy sanjym hem edildi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň “Seýrana” we “Hazyna” myhmanhanalarynda gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen “Tiz kömek” nokady döredildi.
Zolakda ýerleşýän ähli myhmanhanalarda dermanhanalar döredildi we olar zerur derman serişdeleri bilen üpjün edildi, şeýle-de bu ýerde ýerleşýän ilata hyzmat edilýän desgalara işe kabul ediljek işgärler lukmançylyk gözegçiliginden geçirildi we olara sanjym edildi.
Syýahatçylyk zolagynyň çäginde degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat gözegçilik-geçiriş nokadynyň işi degişli tertipde ýola goýuldy. Dynç almaga gelýän raýatlar üçin myhmanhanalaryň awtoulaglarynyň hyzmatlary göz öňünde tutuldy.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky awtoduralgada COVID-19 ýokanjyny ekspres usuly bilen anyklamak ýola goýuldy. “Awaza” etrap saglyk merkezinde hem-de Türkmenbaşy şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň barlaghanasynda Polimeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PZR) enjamy gurnaldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda Türkmenbaşy şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şeýle enjamlaryň 3-si doly güýjünde ulanylýar.
Şu ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümi döwründe wagtlaýyn tertibine laýyklykda, awtoulaglaryň gatnawlaryna degişli netijeli çäreler göz öňünde tutuldy. Syýahatçylyk zolagyna girilýän ýerde gije-gündiziň dowamynda hereket edýän barlag-gözegçilik nokady döredildi. Onuň işine Içeri işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri çekildi.
Şeýle hem möwsüm döwründe jemgyýetçilik tertibini, ýol hereketiniň kadalaryny we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, şu maksatlar üçin degişli tehnikalaryň, hususan-da, wideogözegçilik ulgamlarynyň netijeli ulanylmagy babatda çäreler görüldi. Suwda halas edijileriň gije-gündizleýin nobatçylygy ýola goýuldy.