Habarlaşmak
05.10.2024
Ekeremde zähmet joşýar
04.10.2024
Ekeremde zähmet joşýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet Baştutany wezipesinde işläp başlan ilkinji gününden bäri ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça kabul edýän kararlarydyr çözgütlerinde, beýleki düzümler bilen bir hatarda, «Türkmennebit» döwlet konserniniň kuwwatyny has-da artdyrmagyň hem-de işini ýokarlandyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň hatarynda durýandygyny aýratyn nygtaýar. Munuň özi konserniň pudaklaýyn düzümleriniň önümçilik wezipeleriniň yzygiderli ýerine ýetirilip, kärhanalaryň maliýe-ykdysady görkezijileriniň we düşewüntliliginiň ýokarlandyrylmagyny talap edýär. Şundan ugur alýan konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň buraw işleri müdirlikleriniň hünärmenleri şu günler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ruhuna laýyk işleri bitirmek üçin has-da gaýratly zähmet çekýärler.

Tutuş trest boýunça geçen hasabat döwründe gazuw işleri tamamlanyp, uglewodorod çig mallaryny çykaryjylara tabşyrylan jemi 23 sany guýynyň 18-siniň ulanyş maksatly guýulardygy bu ugurda has belent sepgitlere ynamly gadam urulýandygyndan habar berýär. Şu ýylyň geçen hasabat döwründe «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça senagat taýdan özleşdirilýän guýulardan «gara altyn» almagyň meýilnamasynyň 102,7 göterime golaý berjaý edilmeginde burawlaýjylaryň goşandy uludyr. Bu üstünlikde Ekerem buraw işleri müdirliginiň hünärmenleriniň hem mynasyp paýy bar.

Ugurdaş kärhanalary bilen birlikde, Ekerem buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri-de Hytaýdan hem-de Russiýadan satyn alnan täze, has kuwwatly buraw desgalaryny netijeli işletmegiň hötdesinden gelýärler. Bu kämil enjamlardyr kuwwatly buraw desgalary 7 müň metre çenli çuňluk geçmäge ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Hut şu ýagdaýyň özi miosen gatlaklaryndaky nebitiň täze, çuň ýataklaryny açmaga we özleşdirmek üçin elýeterli gorlaryň möçberlerini ep-esli giňeltmäge ygtybarly binýat bolup durýar. Bar bolan mümkinçilikleri ýerlikli ulanmagy başarýan bu müdirlikde şu ýylyň geçen hasabat döwründe Günbatar Türkmenistanyň uglewodorod çig mallaryna baý ýataklarynda gazuw işleri üstünlikli amala aşyrylan guýularyň dördüsi önümçilige tabşyryldy. Şol täze guýularyň üçüsiniň ulanyş maksatly guýulardygy bolsa aýratyn bellärliklidir.

— Hormatly Prezidentimiziň türkmen nebitçileriniň öňünde goýýan belent wezipelerine mynasyp iş bilen jogap bermek biziň baş maksadymyz bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň günbatar sebitindäki Uzynada, Keýmir, Demirgazyk Ekerem, Şatut, Demirgazyk Goturdepe, Kemer, Porsy ýataklarynda gazýan guýularymyzyň taslama çuňluklary 2 müň 750 metrden 6 müň 800 metre baryp ýetýär. «URALMAŞ — 3D» buraw desgasynda gazýan taslama çuňlugy 3 müň 650 metr bolan 21-nji belgili täze guýuda häzirki wagtda işler has-da depginli alnyp barylýar. Buraw başlyklary Amantuwak Hajytuwakowyň, Gurbandurdy Amandurdyýewiň ýolbaşçylyk edýän toparlary has-da göreldeli zähmet çekýärler. Işiniň abyny-tabyny birkemsiz ele alan buraw ussamyz Öwezdurdy Gurbanow ýaşlara halypalyk goluny uzadyp, olaryň öz işlerine ezber bolmaklaryna ýardam berýär. Müdirligimiziň önümçilik-hyzmat ediş bölüminiň ýolbaşçysy Abdyrahman Saparmyradow öz hünärmenleri bilen buraw desgalaryny zerur enjamlardyr degişli gurallar bilen bökdençsiz üpjün etmegiň hötdesinden gelýär. Işleriň häzirki depgini zähmet toparlarymyzyň mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyny mynasyp sowgatly garşylajakdyklaryna güwä geçýär — diýip, Ekerem buraw işleri müdirliginiň başlygynyň orunbasary — baş inženeri Arslan Annaseýidow buýsanç bilen gürrüň berýär.

Şeýle hem