Habarlaşmak
15.10.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
15.10.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji oktýabrda ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy.

Myhman häzirki wagtda Türkmenistanyň himiýa senagatynyň innowasion ösüşiň aýdyň mysaly bolup durýandygyny aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň bu işe goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda ykdysady ösüş maksatnamalarynyň, senagat özgertmeleriniň amala aşyrylýandygyna ünsi çekip, şunda ekologiýa ugurly “ýaşyl” taslamalara möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda gowaça çöpünden “ýaşyl” metanoly öndürmegiň mümkinçilikleriniň öwrenilýändigini aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanda işewürlik üçin amatly şertleriň döredilýändigini göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze ugurlarda ösdürmek babatda mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Daewoo» kompaniýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Işewür Türkmenistanda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem