Habarlaşmak
15.10.2025
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 6,5 million dollaryndan gowrak boldy
15.10.2025
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 6,5 million dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Singapuryň, Azerbaýjanyň telekeçilerine portlandsement, pagta übtügi, aşgarlanmadyk mata önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy 6,5 million dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 40 million 395 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, nah ýüplügi, aşgarlanmadyk matany, pagta süýümini satyn aldylar.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem