
Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde 2025-nji ýylyň 26-27-nji noýabry aralygynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň nobatdaky, üçünji mejlisi geçirildi. Iki döwletiň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçen bu duşuşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.
Mejlise Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Nazar Agahanow hem-de Katar Döwletiniň Söwda senagaty ministrliginiň Daşary Söwda işleri boýunça ministri Ahmed bin Muhammed Al Saýediň ýolbaşçylygynda geçirildi. Resmi duşuşykdan öň, iki ministr özara ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirip, esasan, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerine seretdiler.
Mejlisiň gün tertibine döwletara gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynyň giň toplumy girizildi. Gatnaşyjylar ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde Hökümetara toparyň ornunyň ähmiýetini nygtadylar.
Toparyň agzalary söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag we logistika, nebit-gaz, senagat, oba we suw hojalygy, maýa goýumlary we bank pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselelerini jikme-jik gözden geçirdiler. Şeýle hem, öňki mejlisleriň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine seljerme berildi.
Mundan başga-da, ylym we bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy.
Mejlisiň netijeleri boýunça Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň 3-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.
Dohada geçirilen saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen Katar Döwletiniň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary Mohammed bin Tuwar Al Kuwariniň arasynda aýratyn iş duşuşygy hem boldy. Bu duşuşykda iki ýurduň telekeçileriniň we işewür toparlarynyň arasynda göni işewür gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary barada pikirler alyşyldy.