Habarlaşmak
27.11.2025
Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistana bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forumyna gatnaşmak üçin sapar bilen geler
26.11.2025
Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistana bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forumyna gatnaşmak üçin sapar bilen geler

Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde 25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.

Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy hoşniýetli goňşuçylyk, özara goldaw bermek ruhunda hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini aýdyp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde strategik hyzmatdaşlygyň iki doganlyk halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Dostlukly ýurduň Lideri Gazagystanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň ykdysady ulgamda we halkara giňişlikde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy, ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Şeýle-de ol Gazagystanyň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygyny aýdyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde ýurdumyzyň BMG bilen bilelikde geçirýän çäreleriniň ähmiýetini belläp, dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklady.

Şeýle hem