
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko 26-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberdi. Ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýetiren gutlaglary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
“Rus-türkmen gatnaşyklarynyň we parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine meniň goşýan goşandyma ýokary baha berýändigiňiz üçin örän hoşaldyryn.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy berk ugur edinýändigiňiz baradaky garaýşyňyzy goldaýaryn. Soňky ýyllarda aýratyn ähmiýete eýe bolýan parlamentara hyzmatdaşlygyň Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy dialogyň möhüm we aýrylmaz bölegi bolup durýandygy hakyndaky pikiriňiz bilen doly ylalaşýaryn. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň 2025-nji ýylyň noýabrynda Russiýa amala aşyran sapary bu babatda uly ähmiýete eýe bolandyr diýip umyt edýärin. Siziň parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän hemişelik we üýtgewsiz ünsüňizi hem-de goldawyňyzy aýratyn bellemek isleýärin.
Öz tarapymdan, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşinde türkmen dostlarymyz bilen ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardygymyzy nygtamak isleýärin. Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, biz köp babatda Siziň şahsy tagallalaryňyz netijesinde emele gelen uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagy maksat edinýäris”, - diýip Matwiýenko belledi.
Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkynyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döredijilikli işiňizde uly üstünlikleri arzuw etdi.