Habarlaşmak
15.07.2025
Daşoguz welaýatynda gaz torlaryny güýz-gyş möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar
13.09.2021
Daşoguz welaýatynda gaz torlaryny güýz-gyş möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar

Häzirki wagtda «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gazçylarynyň esasy wezipeleriniň biri hem welaýatyň gaz torlaryny gyş möwsümine öz wagtynda we ýokary hilli taýýarlamak bolup durýar. Gaz paýlaýjy ulgamlary güýz-gyş möwsüminde işlemäge taýýarlamak — olaryň bökdençsiz ulanylyşynyň hem Daşoguz welaýatynyň sarp edijilerine üznüksiz ýetirilmeginiň möhüm düzüjisidir.

«Göroglyetrapgaz» gaz hojalyk kärhanasynyň hünärmenleri gaz torlarynyň 1200 km-ne hyzmat edýärler. 450-den gowrak gaz paýlaýjy we gaz sazlaýjy desgalaryň toplumlaýyn ideg işleri geçirilýär. Kärhanalara we guramalara hyzmat etmekden başga-da etrabyň çäginde 22 müň 650 töweregi hojalyk ýerleşýär.

Torlary güýz-gyş möwsümine taýýarlamak işlerinde «Göroglyetrapgaz» gaz hojalyk müdirliginiň ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri, «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Daşoguz welaýatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça müdirliginiň gurluşykçylary we gurnaýjylary zähmet çekýärler.

Görogly şäherinde we geňeşliklerde torlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin hünärmenler 159 mm diametrli gaz geçirijileri abatlamak işini ýerine ýetirdiler. Şeýle hem gazçylar gaz hasaplaýjylaryny oturtmak işini dowam edýärler.
 

Şeýle hem