Habarlaşmak
05.11.2025
Türkmenistan BMG-nyň Jemgyýetçilik ösüşi boýunça Ikinji Bütindünýä Sammitine gatnaşýar
05.11.2025
Türkmenistan BMG-nyň Jemgyýetçilik ösüşi boýunça Ikinji Bütindünýä Sammitine gatnaşýar

Katar Döwletiniň Doha şäherinde 4 – 6-njy noýabry aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Jemgyýetçilik ösüşi boýunça Ikinji Bütindünýä Sammiti geçýär. Çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, bölümçelerde garyplygyň öňüni almak we jemgyýetde ähli adamlaryň deň hukukly gatnaşygyny üpjün etmek, adam hukuklaryny pugtalandyrmak, gender deňligini üpjün etmek, sosial adalaty ösdürmek, her bir adama laýyk iş üpjünçiligi we jemgyýetçilik goragy, demografik, tehnologiýa we ekologik üýtgeşmeleriň jemgyýete edýän täsiri, halkara hyzmatdaşlygy, hususy pudak we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikdäki işleri kämilleşdirmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem