
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa 5-nji noýabrda ýaňy-ýakynda goňşy ýurt Owganystanda bolan heläkçilikli ýertitreme köp sanly adam pidalaryna, weýrançylyklara getirendigini belläp, haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan bu ýurda we onuň doganlyk halkyna, hususan-da, çagalara ynsanperwerlik kömegini ugratmaga rugsat bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.
Doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna gaznanyň adyndan ynsanperwerlik kömegini ibermegiň wajypdygyny aýdyp, Milli Liderimiz bu babatda gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de hasapçysy Ýelena Çernowa degişli tabşyryklary berdi.
Ynsanperwerlik kömegi hökmünde mätäç çagalara gerek bolan däri-dermanlary, azyk we iýmit, egin-eşik önümlerini, durmuşda zerur bolan beýleki önümleri ibermeli diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we gaznanyň wise-prezidenti Rejep Bazarowa ähli meseleler boýunça guramaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.