Habarlaşmak
28.11.2025
Aşgabatda geçirilen duşuşykda Hazarýaka ýurtlary bekre balyklarynyň görnüşlerini täjirçilik taýdan tutmaga girizilen gadagançylygyň möhletini uzaltdylar
28.11.2025
Aşgabatda geçirilen duşuşykda Hazarýaka ýurtlary bekre balyklarynyň görnüşlerini täjirçilik taýdan tutmaga girizilen gadagançylygyň möhletini uzaltdylar

Aşgabatda 24–26-njy noýabry aralygynda, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynda, Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak, rejeli peýdalanmak we olaryň bilelikdäki gorlaryny dolandyrmak baradaky toparyň 9-njy mejlisi geçirildi. Türkmenistan Toparda 2025–2026-njy ýyllarda başlyklyk edýär.

Mejlisiň barşynda taraplar bilelikdäki gorlaryň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar, suw biologik serişdeleri baradaky ylmy barlaglaryň netijeleri, şeýle hem suw biologik serişdelerini goramak we dikeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

2026-njy ýylda bekre balyklaryň önümçilik maksatly tutulmagyna ýol berilmezligi, balyk tutmagyň diňe ylmy we dikeldiş maksatlary üçin, ylalaşylan sanyň çäginde amala aşyrylmalydygy baradaky çözgüt kabul edildi. Mejlisiň netijeleri boýunça Teswirnama gol çekildi.

Şeýle hem