Türkmenistan ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ulgamda uzak möhletli durnuklylygy gazanmak, sarp edijileriň ykdysady taýdan amatly, ekologiýa taýdan arassa energiýa serişdelerine giň elýeterliligini üpjün etmek üçin dünýä bazarlaryna çykmak işine aýratyn ähmiýet berýär. Hut şoňa göräde, ýangyç serişdeleriniň eksport ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, şonuň netijesinde ösen hem-de köpugurly turbageçiriji düzümiň döredilmegi ýurdumyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän energetika strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.
Agirt uly energiýa serişdelerine eýe bolan Türkmenistan özüniň energetika baýlyklaryny diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hyzmatynda goýmak babatdaky ynsanperwer ýörelgelerini netijeli durmuşa ornaşdyrýar. Şu maksatlardan ugur alyp, ýangyç-energetika toplumy döwrebaplaşdyrylýar. Pudaga innowasion tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Bu bolsa elektrik energetikasy pudagynyň kuwwatyny has-da artdyrmaga, elektrik energiýasynyň eksport mümkinçiliklerini döwrebap ýola goýmaga itergi berýär. Ýurdumyzyň energetika syýasaty içerki zerurlyklary üpjün etmek nukdaýnazaryndan, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmäge, şeýle-de daşary ýurtly sarp edijilere ibermäge gönükdirilendir. Bu ugurda Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy ägirt uly geosyýasy we geoykdysady ähmiýete eýedir. Täze energiýa köprüsi türkmen tebigy gazynyň Günorta Aziýa ýurtlaryna uzak möhletli iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi bu ýerde işewür hyzmatdaşlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak üçin örän wajypdyr.