Habarlaşmak
15.11.2024
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
31.08.2024
neftegazovaya-promyshlennost-dvigatel-progressa-turkmenistana

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bu tema hem-de onuň bilen bagly bolan meselelere dürli ýurtlara saparlar mahalynda ýa-da ýokary wezipeli myhmanlar kabul edilende möhüm ähmiýet berilýär. Çünki gaz strategik döwletara we sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, ykdysady gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýän esasy energetika serişdeleriň biri bolup durýar.     

Şu ýylyň 28-nji awgustynda Tähranda ýokary derejede geçirilen türkmen-eýran gepleşikleri munuň aýdyň subutnamasy boldy. Mälim bolşy ýaly, Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow EYR-niň Prezidenti Masud Pezeşkian, şeýle  hem döwletiň ýokary wezipeli ýolbaşçylary bilen duşuşdy, ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda gaz pudagy görkezilip, bu ugurda dostlukly ýurtlar ençeme ýyllaryň dowamynda özara gatnaşyklary saklaýarlar.  

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Eýrana iberýän türkmen tebigy gazynyň möçberini artdyrmaga taýýardygyny tassyklady. Ýakyn geljekde “swap” görnüşinde türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna, soňra Türkiýä ibermek göz öňünde tutulýar.     

Türkmen-eýran gepleşikleriniň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň hatarynda  tebigy gaz babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bolup, ol iki doganlyk ýurtlaryň gaz pudagynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegi ugur ediýändigini görkezýär.

Nebit we gaz serişde bolmak bilen çäklenmän, olar Türkmenistanyň ykdysadyýetini herekete getirýän güýç bolup durýar. Häzir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň işjeň goldamagy bilen pudakda döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek işleriniň giň gerimli maksatnamasy amala aşyrylýar. Kärhanalaryň durnukly işlemegi, baý serişdeleriň netijeli ulanylmagy we eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmekde möhüm orun eýeleýär.      

Gazyň hem-de energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryna iberilýän möçberlerini artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Iri maýgoýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi diňe JIÖ-niň artmagyna däl-de, eýsem täze iş orunlarynyň döredilmegine, infrastrukturanyň ösdürilmegine we ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şunda Türkmenistan daşky gurşawa ýaramaz täsiri peseltmek üçin döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýar.      

Gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen Türkmenistan dünýä bazaryna ekologiýa taýdan arassa ýangyjy ugratmagyň köpugurly düzümini işjeň ösdürýär. Iri “Galkynyş” gaz käniniň gorlary «Ýaşlar» we «Garaköl» ýataklarynyň gorlary bilen bilelikde tebigy gazyň 27 trillion kubmetrine golaý mukdarda kesgitlenip, ol ýurduň energetika garaşsyzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär hem-de onuň dünýäniň energetika bazaryndaky ornuny berkidýär.    

 Dünýäde iri “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan ulanmaga berilmegi Türkmenistany tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orna çykarmaga mümkinçilik berdi. Häzir bu ýatak halkara taslamalaryny, şol sanda Türkmenistan-Hytaý döwletara gazgeçirijisini, şeýle hem strategik taýdan möhüm Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisini çig mal bilen ygtbarly üpjün etmegiň kepili bolup durýar.      

Häzirki wagtda  “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgyry synag-senagat taýdan ulanylýar. Bu ýerde ulanyş guýularynyň hereket edýän gaznasy 52 birlige deň bolup durýar. Häzirki wagtda guýularyň 10-sy işjeň burawlanýar. Şunda gazyň ortaça taslama çykymy bir gije-gündizde 1,5 million kubmetre deň  bolup, gatlagyň  mümkinçilikleri çykymy bir gije-gündizde 2 million kubmetrden gowrak bolan guýulary dowamly ulanmaga mümkinçilik berýär.     

Häzir “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde üç guýy bolup, olaryň özboluşly gurluşy we dogry ýerleşişi her guýudan bir gije-gündizde 3 million kubmetre golaý gaz çykarmaga mümkinçilik berdi, bu ýagdaý eýýäm guýularyň ulanylýan bir ýarym ýylynyň dowamynda durnukly saklanýar.

Geljekde guýularyň sany we gaz çykarmagyň depginleri ýokarlanar. Alymlaryň çaklamalaryna görä, geljekde “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ýedi tapgyrynyň amala aşyrylmagy bilen tutuş kän boýunça tebigy gazyň çykarylyşy bir ýylda “mawy ýangyjyň” 200 milliard kubmetrine golaýlar.

Häzirki wagtda “Türkmengaz” döwlet konserni  türkmen gazyny günorta ugurda hem ibermegiň tehniki mümkinçiliklerine eýe bolup durýar.   

Şu ýylyň iýulynda Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň dowamynda Eýran Yslam Respublikasy bilen gaz hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça Eýranyň üsti bilen “swap” görnüşinde 10 mlrd. kub metre çenli türkmen gazyny Yraga ibermegi göz öňünde tutýan şertnama gol çekildi.    

Bu taslamany amala aşyrmak üçin eýran kompaniýalary Türkmenistanda uzynlygy 125 km bolan täze gazgeçirijini hem-de Eýrana gazyň goşmaça mukdaryny ibermek üçin zerur bolan gazkompressor beketleriniň üçüsini gurarlar. Bulardan başga-da, Döwletabat-Sarahs-Hangeran ugry boýunça hem-de “Çaloýuk” gazölçeýji stansiýasynyň üsti bilen iberilýän gazyň möçberini bir ýylda 40 milliard kubmetre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.    

Bu taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy energetika ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam eder.

Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklary özleşdirmek bilen hem bagly uly mümkinçilikler açylýar. Bilermenler onuň gorlaryny nebitiň 12,1 milliard tonnasy, şeýle hem gazyň 6,1 trillion kubmeti möçberde kesgitlediler.     

Dünýäniň energetika döwleti bolmak bilen Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda öz energetika kuwwatyny netijeli ulanmak meselelerini çözmäge oýlanyşykly çemeleşýär. Dünýäniň onlarça döwletleri, dürli ulgamlarda baý tejibesi hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary bolan iri daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak bilen ýurdumyz özüni jogapkär we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanatdy. Häzir nebitgaz toplumynda çözülýän meseleleriň gerimi ykdysady peýdanyň şertlerinde degişli ulgamda giň halkara hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleri açýar.     

Şeýlelikde, tebigy gazyny has düýpli we toplumlaýyn işlemegi ileri tutmak bilen Türkmenistan energiýa serişdelerini uly möçberde iberýän döwlet hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem energetika eksportynyň harytlyk düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna şol bazara gatnaşygynyň häsiýetini hem üýtgeder.      

Ussa Ussaýew,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Şeýle hem