«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň buraw işleriniň müdirlikleri şu günler «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny mynasyp sowgatlar bilen jemlemek maksady bilen uly ruhubelentlik bilen zähmet çekýärler. Genji-hazynany özünde jemleýän Watanymyzyň gündogar, günorta-günbatar sebitlerinde miosen we aşaky gyzyl reňkli çökündilerden tapylan has çuň gatlaklarda (5 müň — 7 müň metr) ýerleşýän nebitgaza doýgunly ýataklaryň (gatlaklaryň) ýüze çykarylmagy ýurdumyzy şan-şöhrata besleýär. Şu günler tebigy çig malyň ägirt uly gorlaryny goýnunda saklaýan we çuň gatlaklary özleşdirilýän Demirgazyk Goturdepe, Altyguýy, Barsagelmez meýdançalarynda gyzyl reňkli gatlaklaryň aşaky bölegini gazmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Has takygy, ýakynda Goturdepe buraw işleri müdirliginiň buraw ussasy Täçberdi Dädebaýewiň ýolbaşçylyk edýän burawlaýjylar topary taslama çuňlugy 4 müň 500 metr bolan 403-nji guýyny burawlap, önümçilige tabşyrdylar. Bu guýynyň bir gije-gündizde beren başlangyç nebit çykymy 13,0 tonna barabar boldy. Şeýle hem buraw ussasy Aleksandr Filinowyň ýolbaşçylygyndaky burawlaýjylar topary Barsagelmez känindäki 1 müň 355-nji guýyny tamamlap, nebitgaz çykaryjy müdirligine tabşyrdylar. Şonda bu guýynyň bir gije-gündizde berýän arassa başlangyç nebiti ortaça 12,9 tonna barabar boldy. Mundan başga-da, ýeriň çuňlugyna aralaşyp, taslama çuňluklary degişlilikde 4 müň 800, 4 müň 700 we 4 müň 700 metr bolan Demirgazyk Goturdepäniň 415-nji, 197-nji we 368-nji guýularynda buraw işleri ýaýbaňlandyryldy. Gögerendag — Ekerem gaznebitli sebitde Altyguýy käninde 172-nji ulanyş maksatly guýuda gazkondensat akymynyň alynmagy guwandyryjydyr. Umuman aýdanyňda, üstümizdäki ýylyň başyndan bäri jemi 25 sany guýuda buraw işleri tamamlanyp, olaryň 20-si ulanyş maksatly, 5-si bolsa, gözleg-agtaryş maksatly guýulara degişlidir. Uzynada ýatagynda taslama çuňluklary 6 müň 800 metr bolan 79-njy, 80-nji, 81-nji, 84-nji we 85-nji guýularynda işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyp, olaryň maksady nebit we gaz gatlagyny yzarlamakdan hem-de pliosen çökündisiniň aşaky gyzyl reňkli gatlagynda täze nebit ýataklaryny agtarmakdan, uglewodorod serişdeleriniň ätiýaçlyk gorlaryny ulanmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda Nebitdag, Goturdepe, Körpeje, Ekerem buraw işleri müdirlikleriniň gözleg, barlag we ulanyş maksatly gazylýan guýularynyň sany 50-den gowrak bolup, oturdylan desgalaryň kömegi bilen taslama çuňluklary 7 müň metre çenli bolan guýularyň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem bu müdirlikleriň burawlaýjylary täze gatlaklary açmak maksady bilen Altyguýy, Nogaý, Ekerem, Kemer, Keýmir, Demirgazyk Goturdepe, Uzynada we beýleki meýdançalarda geljegine uly ynam döredýän Gögerendag — Ekerem göterimler zolaklarynyň we Gyzylgum epininiň guýularynda hem burawlaýyş işlerini dowam etdirýärler. Ýeri gelende, «Nebitgazylmytaslama» instituty tarapyndan taslamasy düzülen bu guýularda burawlaýjylaryň bellenen sepgitlere ýetmek üçin yhlaslaryny birjik-de gaýgyrmaýandyklaryny guwanç bilen aýtmak gerek. Iri nebit we gaz gorlarynyň sanawyna girizilen Hazar deňziniň baý uglewodorod serişdelerini işjeň özleşdirmek Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategik ugry bolup durýar. Hut şu ýerde — deňiz ýalpaklygynda hem-de kenarýaka zolakda geljekde «gara altynyň» we «mawy ýangyjyň» çykarylyşyny artdyrmak göz öňünde tutulýar.
Weýis AMANTAGANOW, «Türkmennebit» döwlet konserniniň
«Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgär