Mälim bolşy ýaly, 14-nji maýda paýtagtymyzda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň, nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň bu ugra degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri bilen halkara derejeli duşuşyk boldy.
Duşuşyga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Halkara duşuşygyň netijeleri boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama gol çekildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň energetika diplomatiýasy uly üstünliklere beslenýär. Bu ugurdaky amala aşyrylan taslamalar özüne düşýän gymmaty boýunça amatlydygy, ekologiýa taýdan arassalygy, innowasion tehnologiýalary ilkinjileriň hatarynda tejribä ornaşdyrylýandygy babatda ählitaraplaýyn bähbitliligi bilen dünýä hojalygynyň tiz ösmegine, döwletleriň arasynda ynanyşmak we hyzmatdaşlyk medeniýetleriniň döwrebaplaşmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Ýurdumyzyň energetika ulgamynyň çig mal binýady bolup uglewodorod serişdeleri çykyş edýär. Bu babatda «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Kanun Hazar deňziniň türkmen bölegini goşmak bilen, Türkmenistanyň çäginde uglewodorod serişdeleriniň gözleginiň, gazylyp alnyşynyň we nebit işleriniň beýleki görnüşleriniň ýerine ýetirilişiniň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kesgitleýär we uglewodorod serişdeleriniň oýlanyşykly peýdalanylmagyny üpjün edýär. «Uglewodorod gazy we gaz üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem ýurdumyzda gaz çygryndaky we gaz üpjünçiligindäki gatnaşyklaryň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek bilen gaz bazarynyň netijeli işlemegi, gaz üpjünçilik ulgamlarynyň obýektleriniň ygtybarly we howpsuz ulanylmagy üçin şertleri döredýär.
Dünýäniň durnukly ösüş maksatlarynyň ýolunda şeýle anyk ädimler bilen ynamly barýan ýurdumyzyň üstünlikleriniň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun!
Nepes ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Çeşme: Türkmenmetbugat