Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nurana geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesilleriň sagdyn ösüp-ulalmaklaryny, olaryň bilimli, maksada okgunly we giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Ýaşlaryň geljege bolan ynamyny artdyrýan maksat-tutumlaryň degişli maksatnamalara daýanmagy amala aşyrylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi ýaşlaryň hemmetaraplaýyn taplanmagyna ýardam berýär. Şeýle bolansoň, ýaşlara bildirilýän ynamyň oňyn netijelerini her pursatda görüp hem duýup ýaşaýarys.
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlарyny baýdak edinýän talyp ýaşlarymyz medeni-köpçülikleýin işlere işjeň gatnaşýarlar, geçirilýän bäsleşiklerde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Her bir işde özlerine bildirilýän ynamy ödemäge çalyşýarlar.
Goý, ýaşlaryň bagtyýar geljegi baradaky aladany ilkinji orunda goýýan, ata Watanymyzy beýik geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janl ary sag, ömürleri uzak bolup, il bähbitli, ýurt ähmiýetli maksat-tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Leýla Çaryýewa,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Çeşme: «Balkan» gazeti