Habarlaşmak
20.04.2025
Hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugry
16.04.2025
hyzmatdaslygy-oesduermegin-esasy-ugry

Milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutýan ugurlarynyň hataryndadyr. Döwletimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli iş alyp barmak üçin hemişe açyk bolup, häzirki wagtda amala aşyrylýan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalar netijeli gatnaşyklary giňeltmäge amatly şertleri döredýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurtdur. Bu bolsa ýangyç-energetika pudagynda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge esas bolup hyzmat edýär. Bu ugur­da­ Türk­me­nis­tan­ —­ Ow­ga­nys­tan­ —­ Pa­kis­tan­ — ­Hin­dis­tan­ gaz­ge­çi­ri­ji­si ­örän­ möhüm taslamalaryň biridir. Ol ýokary ýaş aýyş-durmuş ähmiýetine eýedir. Hünärmenleriň baha bermegine görä, gaz geçirijiniň we degişli üpjünçilik ulgamlarynyň, täze edara-kärhanalaryň gurulmagy goňşy ýurtda müňlerçe iş ornuny döretmäge müm kinçilik berer.
Gahryman Arkadagymyzyň başy ny başlan hem-de sebitiň ýurtlarynyň halk larynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy durnukly energetika ulgamyny kemala getirmäge saldamly goşantdyr. Bu transmilli gaz geçirijisi önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň, sarp edijileriniň bähbitlerini nazara almak bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň diwersifikasiýalaşdyrylan ulgamyny döretmäge gönükdirilen energetika strategiýasyny amala aşyrmakda möhüm ädimdir.
Aýtäç ALTYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň uly mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty.
Çeşme: «Nebit-Gaz» gazeti

 

Şeýle hem