Habarlaşmak
19.09.2025
Turbageçirijileriň gurluşyk işlerini optimizirlemek üçin innowasion tehnologiýa
12.04.2021
turbagecirijilerin-gurlusyk-islerini-optimizirlemek-uecin-innowasion-tehnologiya

Uniwersitetimizde işlenip düzülen robot nebitgaz geçirijileriniň, ýangyç-energetika pudagynyň turbageçirijileriniň we beýleki halk hojalyk önümçiliginiň turbagurluşyk işlerini kämilleşdirmek, optimizirlemek, tizlik we hil häsiýetnamasyny ýokarlandyrmak üçin peýdalanmakda oňat netijeliligi berer diýip tama edýäris. Häzirki wagtda turbageçirijileriň gurluşyk işlerini optimizirlemek üçin ekologik taýdan arassa, maliýe we serişde taýdan az çykdajyly, energiýa taýdan netijeli we howpsuz bolan innowasion robottehnologik usulyýetini işläp düzmek hem-de ony önümçilik derejesinde ulanmak ýurdumyzyň ykdysady, ösüş we eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak strategiýasy boýunça derwaýys bolup durýar.

Robotyň dizaýnerçilik we konstruktorçylyk işlerini «Sketch-up» we «AutoCad» programmalarynyň peýdalanylmagy esasynda 2D we 3D ölçeglerde ýerine ýetirip, soňra bu elektron wirtual modeliň esasynda 3D printeriň we lazerli kesijiniň kömegi bilen konstruksiýasyny ýasamak, mikrokompýuterli mikrokontrolleriň ulanylmagy arkaly onuň esasy mikroelektroniki düzüjilerini optimal zolaklarda ýerleşdirmek, kesgitli funksiýa üçin programmirlemek, şeýle hem android kysymly ykjam enjamlarda onuň distansion dolandyrylyşyny ýerine ýetirmek üçin C programmirleme dilinde türkmençe dolandyryjy programma üpjünçiligi döredilip, ýasalan robot köp sanly synag-barlag işlerinden geçirildi.

Onuň funksional-tehnologik aýratynlyklaryny has aýdyň şöhlelendirmek maksady bilen «TOPH» atly nusgalyk maketi ýasamak meýilleşdirilýär. Robot bu maketiň üstünde turba gurluşyk işlerini ýerine ýetirmekde özüniň kämillik derejesini, ýokary ygtybarlylygyny we tehnologik artykmaçlyklaryny öwrenijiler üçin has düşnükli derejede görkezer.

 

Şeýle hem