Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän medeni özgertmeleriň bir ugry hem asyrlardan, müňýyllyklardan aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten kämil medeniýeti, maddy we ruhy medeni mirasy dünýä jemgyýetçiligine tanatmak bilen bagly alnyp barylýan maksatnamalaýyn strategik işlerdir.
Bu ugurda Türkmenistanyň BMGniň Bilim, ylym we medeniýet baradaky edarasy bolan ÝUNESKO bilen alyp barýan özara bähbitli hyzmatdaşlyklary dünýä nusgalykdyr. Geçen gysga döwrüň dowamynda türkmen topragynyň köki çuňluklara uzaýan gadymy medeniýetiniň miras düşerleri bolan «Gadymy Merw», «Gadymy Köneürgenç», «Gadymy Nusaý» taryhy medeni gorag hanalarynyň çägine girýän gadymy kentgalalar, ýadygärlikler toplumlary ÝUNESKO nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Dana Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO nyň «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi bu deňsiz taýsyz medeni we edebi mirasyň geljek nesillere hem asyl durkunda ýetmeginiň dana Pyragynyň pelsepeli pikirleriniň umumadamzadyň bagtyýar geljegini gurmagyň hatyrasyna hyzmat etmeginiň girewi boldy diýip aýtmak bolar.
Muhammetnur NURMYRADOW, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
Çeşme: “Nebit-gaz” gazeti