Türkmenistanyň daşary syýasatyny piramida görnüşinde göz öňüne getirseň, onuň iň ýokary derejesinde 1995-nji ýylda BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk ýörelgesi ýerleşýär. Bu derejesi diňe bir halkara hukugyň bir bölegi bolman, eýsem, türkmen halkynyň müňýyllyklardan bäri dowam edip gelýän parahatçylyk, hoşniýetlilik we goňşuçylyk däpleriniň beýanydyr.
Türkmen topragy taryh boyunca köp halklaryň we medeniýetleriň ýol tapýan nokady bolupdyr. Gadymy Beýik Ýüpek ýolundan başlap, buddaçy Gündogar, hristian Ýewropa, musulman Günorta bilen aragatnaşyk gurup bilmegi — bu sebitde ýaşaýan halklaryň ruhy sazlaşykda ýaşamagyny şertlendiripdir. Şeýle mümkinçilikler türkmen halkynyň mentalitetine parahatçylyk söýüjilik, tolerantlyk, myhmansöýerlik ýaly häsiýetleriň ornaşmagyna ýol açypdyr.
Türkmenleriň gelip çykyşynda dürli halklaryň we taýpalaryň täsiri bolup, olaryň arasynda oguzlar möhüm orun tutýar. Oguzlaryň musulman bolmagyndan soň, “türkmen” adynyň peýda bolandygy barada Abu Reýhan Biruni belläp geçýär. Türkmenleriň ata-babalary diňe bir Merkezi Aziýa däl, eýsem Eýran, Siriýa, Kawkaz we Gündogar Ýewropa çenli göçüpdirler. Olar özüniň medeniýetini saklamak bilen başga halklardan hem peýdaly tejribeleri özleşdiripdirler.
Taryhy maglumatlara görä, türkmenleriň söweşjeňligi diňe bir goranyş maksady bilen peýdalanylypdyr. Rim taryhçysy Pompeý Trog we beýik skif filosofy Anaharsis türkmenleriň adalatly we parahatçylyk söýüji jemgyýetde ýaşandygyny tassyklaýarlar. Şeýle hem gadymy Hun döwleti bilen Hytaýyň arasynda baglaşylan “Kasam ylalaşygy” ilkinji halkara ylalaşyklaryň biri hökmünde bellidir.
Diplomatiýa hem türkmenleriň taryhynda möhüm orun eýeläpdir. Parfiýa döwründen başlap dürli döwürlerde daşary ýurt ilçilerine harby kuwwaty görkezmek arkaly güýç görkezmegiň öňüni alyjy strategiýa hökmünde ulanylandygy bellenilýär. Şeýle hereketler häzirki döwürde hem diplomatik protokollaryň köki hökmünde saklanýar.
Beýik Seljuk imperiýasynyň döredilmegi bilen türkmenler musulman dünýäsi üçin möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Bu döwürde din azatlygynyň üpjün edilmegi, haçly ýörişlerine garşy ähli dini toparlaryň goralmagy türkmenleriň dini tolerantlygynyň beýanydyr. Taryhçylar, şol sanda Mihail Siriýaly, türkmen hökümdarlarynyň parahatçylyk söýüjiligini we adalatlylygyny nygtap geçýärler.
Türkmen halk döredijiligi hem parahatçylygyň gymmaty baradaky düşünjäniň ösüşine hyzmat edýär. Paýtagt Tährandaky muzeýde saklanýan türkmen gylyjynyň ýüzünde ýazylan “Türkmen hiç haçan gylyjyny gynyndan goňşusyna garşy çykamaz” diýen ýazgy munuň subutnamasydyr.
Türkmen halky Garaşsyzlykdan soň öz geçmişiniň iň oňat gymmatlyklaryna daýanyp, hemişelik bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasaty ösdürdi. Bu syýasat häzirki wagtda halkara giňişlikde ykrar edilýär we geljekde hem ýurduň baş ugruna öwrülmegini dowam etdirýär.
Hydyr Bekmyradow
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygy müdirliginiň esasy hünärmeni