Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanowyň ýolbaşçylygynda nebit, gaz, geologiýa pudaklarynda zähmet üstünlikleri bilen tapawutlanýan göreldeli işgärleri döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.
Oňa nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we önümçilik düzümleriniň işgärleri, şeýle-de aýdym-sazly çykyşlary bilen «Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlary gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasynda, ilki bilen, wise-premýer Batyr Amanow dabara gatnaşyjylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlady we Milli Liderimiziň başlyklylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýeti, umumy milli forumda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ulus-ilimiziň durmuş şertlerini gowulandyrmak maksadynda kabul edilen resminamalar barada durup geçdi.
Soňra Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew Türkmenistanyň raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanyny okady. Baýramçylyk dabarasynda nebit gaz senagatynyň, geologiýa pudagynyň öňdebaryjy işgärlerine wise-premýer Batyr Amanow tarapyndan döwlet sylaglary gowşuryldy.
Çeşme: “Nebit-gaz” gazeti