Habarlaşmak
03.10.2025
Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň işgärleri ýyly zähmet ýeňişleri bilen tamamlamagy meýilleşdirýärler
01.10.2025
tuerkmenistanyn-nebit-gaz-pudagynyn-isgaerleri-yyly-zaehmet-yenisleri-bilen-tamamlamagy-meyillesdiryaerler

— Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen nebitgaz senagatynda uly ösüşler gazanylýar. Bu babatda alnyp barylýan işlere «Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleriniň hem saldamly goşant goşýandygyny bellemelidir. Konserniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň işgärleri hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän amatly şertlerinden netijeli peýdalanyp, «gara altynyň» çykarylyşyny artdyrmakda, nebitiň gözleg, barlag, taslama işlerinde ýadawsyz zähmet çekmek bilen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny üstünliklere beslemegi maksat edinýärler.

Ýakynda bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň çözgütleri alyp barýan işlerimiziň depginini öňküden-de güýçlendirmäge borçlandyrýar. Ýurdumyzda zähmet adamsyna uly hormat goýulýar, her bir işgäriň, hünärmeniň işine mynasyp baha berilýär. Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň ençemesi bilen birlikde, men hem döwlet sylagyna mynasyp boldum. «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri» diýip adyň dakylandygyna begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok. Çeken zähmetime ýokary baha beren hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýaryn. Bu biziň ylmy edaramyza berlen ýokary baha diýip düşünýärin.

Ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýoluna içgin üns berilýär. Biz halypa ylmy işgär hökmünde ähli başarnygymyzy ýaş şägirtlerimize öwretmäge, olaryň kämil işgärler bolup ýetişmegine uly üns berýäris. Geljekde hem nebit işlerinde alyp barýan ylmy taslamalarymyzyň netijeliligini ýokarlandyryp, önümçilige ornaşdyrarys.

 

Ýazberdi BÄŞIMOW, «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň gatlagyň fizikasy barlaghanasynyň müdiri

Çeşme: "Nebit-Gaz" gazeti

Şeýle hem